Habarlar / Habarlar
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 80 million dollardan gowrak boldy

Gruziýanyň Milli statistika gullugy (Geostat) 2024-nji ýylda Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy baradaky maglumatlary çap etdi. Türkmenistandan Gruziýa edilen importyň mukdary 58,09 million ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy, Gruziýanyň Türkmenistana eksporty bolsa 22,9 million ABŞ-nyň dollaryna ýetdi – diýip, Trend neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Gruziýa eksportynyň esasy bölegi 45,4 million dollarlyk nebit we nebit önümlerinden ybarat boldy. Mundan başga-da, Gruziýa Türkmenistandan nebit koksy we bitum (4,8 million dollar), gips esasly gurluşyk garyndylary (1,7 million dollar), azot dökünleri (1,05 million dollar) ýaly önümleri hem-de ýük awtoulaglaryny (831 müň dollar) import etdi.

Gruziýa hem, öz gezeginde, Türkmenistany esasan azyk önümleri we lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etdi. Şeýlelik bilen, guş etiniň we goşmaça et önümleriniň eksporty 11,4 million dollara, ortopediki önümler we emeli beden bölekleri – 2,6 million dollara, gaplanan derman önümleri – 1,8 million dollara barabar boldy. Şeýle hem Türkmenistan Gruziýadan 1,1 million dollarlyk ýolagçy awtoulaglaryny we 927,2 müň dollarlyk etil spirtli we alkogolly içgileri satyn aldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy