Habarlar / Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2025-nji ýylyň 18-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Walentina Matwiýenkonyň köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýolbaşçylarynyň biri, Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hökmünde döwlet we halkara işleri işjeň alyp barmak bilen, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybeti tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi we Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini hem-de ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletli geljekde bu işde möhüm orun eýelejekdigine berk ynam bildirildi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda özara gatnaşyklaryň täze formatlaryny döretmek we olaryň netijeli hereket etmegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen başlangyçlaryň ähmiýetine üns berildi. Ýurtlarymyz bu ugurdaky hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýarlar. Hususan-da, Walentina Matwiýenkonyň goldaw bermeginde ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentarileriniň duşuşyklary barada gürrüň edildi. Şunuň bilen birlikde, “Merkezi Aziýa — Russiýa” zenanlar dialogynyň täze ösüşe eýe bolandygyna üns çekildi.

Bu formatlaryň çäklerindäki ilkinji çäreler 2022-nji ýylyň maýynda geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we parlamentarileriň nobatdaky duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny guramagy teklip etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenkonyň döwlet, syýasy, jemgyýetçilik işi köp babatda eneligi we çagalygy, saglygy goramak, çagalara bilim bermek meseleleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň çagalar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen giň möçberli, uzak möhletli strategiýalary hem-de maksatnamalary taýýarlamak, kabul etmek we durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlaryna uly hormat bilen garaýandygyny aýtdy.

 Gahryman Arkadagymyz çagalaryň beden we aň taýdan sazlaşykly ösmegi, olara lukmançylyk, durmuş, beýleki kömegi bermek, ýaş türkmenistanlylary goldamak üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek maksady bilen, döwletimizde ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly maslahat geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli wekiliýetini öňde boljak foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň parahatçylygyň belent ýörelgelerini, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny ilerletmekde saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, russiýaly parlamentarileriň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere, ilkinji nobatda, çagalaryň bähbidine halkara işe bagyşlanan maslahata gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi