Habarlar / Habarlar
Aşgabatda ABŞ-nyň Ilçisi bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 20-nji martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda gaznanyň alyp barýan işleriniň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi. Bu barada DIM-iň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berip, ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri ýerine ýetirmegiň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygyny belledi.

Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen gazna tarapyndan häzire çenli amala aşyrylan işleriň, şol sanda zerur lukmançylyk operasiýalaryny geçirmegiň saglygyny dikeltmäge mätäçlik çekýän çagalara uly hemaýat berýändigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barha giň gerime eýe bolup, ol goňşy we sebitdäki hyzmatdaş ýurtlaryň çagalaryna-da degişli derejede ýardam berýär.

Ilçi Elizabet Rud gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryp, beren gürrüňleri üçin O.Atabaýewa hoşallyk bildirip, bu çäreleriň diňe öwgä mynasypdygyny aýtdy we onuň işleriniň barha öňe ilerläp, mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýandygy bilen baglylykda, bu senäniň halkara derejeli çäreleriň geçirilmegi arkaly bellenilmegi baradaky wezipelere hem üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, käbir degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.

Elizabet Rud Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň asylly we ynsanperwer işlerini goldaýandygyny aýtdy hem-de gaznanyň işini has-da öňe ilerletmek ugrunda, şol sanda ony halkara derejede ösdürmek maksady bilen, bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady. Munuň özi gatnaşyklaryň özara hoşmeýilli erke esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine, täze many-mazmun bilen baýlaşmagyna ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belländigine üns çekdi.

Duşuşykda Milli Liderimiziň bu ugurda kesgitlän wezipeleriniň ähmiýeti barada aýdylyp, olary ýerine ýetirmegiň gaznanyň halkara derejedäki abraýyny artdyrmak bilen birlikde, Garaşsyz Türkmenistanyň yzygiderli eýerýän hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, dost-doganlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Bu işleriň bütin dünýäde hem-de ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda amala aşyrylmagy özboluşly mazmuna eýe bolar diýip, duşuşykda nygtaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi