Habarlar / Habarlar
Hepdäniň dowamynda Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň +37 gradusa çenli ýetmegine garaşylýar

Şu hepde Türkmenistanyň sebitlerinde howanyň +37 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +12 gradusdan +16... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +28 gradusdan +32... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +21... +26 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6... +11 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5... +10 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5... +10 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy