Habarlar / Habarlar
«Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatynyň JEMLEÝJI RESMINAMASY

Biz, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadag şäherine ýygnanan HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞYJYLAR,

Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklap,

Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy strategiýalaryny we maksatnamalaryny, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp,

Çagalaryň ýörite gözegçilige we idege, şol sanda degişli hukuk goraglylyga mätäçdigini nazara almak bilen,

Çagalaryň parahatçylygynyň we abadançylygynyň, olara durmuş, lukmançylyk, bilim hyzmatlarynyň berilmegi üçin zerur bolan şertleri döretmegiň, dürli ýaşaýyş-durmuş ugurlarynda olaryň gyzyklanmalaryny üpjün etmegiň hatyrasyna halkara tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýetini nygtap,

Çagalaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine hem-de olaryň bähbitleriniň has oňat üpjün edilmegi ýörelgesine yzygiderli eýerilmegine ýardam bermegiň zerurdygyndan ugur alyp:

1. Çaganyň hukuklary babatynda ählumumy halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçnamalara laýyklykda çagalaryň saglygynyň goraglylygyny, abadançylygyny hemmetaraplaýyn üpjün etmek, olaryň  mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça halkara işiniň geljekki ösüşiniň zerurdygyny ykrar etdik;

2. Çagalaryň döredijilik ukyplaryny, durmuş we maşgala goldawlaryny, bilime, saglygy goraýyşa, reproduktiw saglyk ugrundaky ýokary hilli hyzmatlara  elýeterliligini talaba laýyk ýagdaýda hasaba almak bilen, olaryň zerurlyklaryny üpjün etmegiň möhümdigini belledik;

3. Çagalaryň adam mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, olaryň has gowy hilli durmuşa taýýar bolmaklary üçin öz bilimlerini dowam etdirmegini höweslendirmegiň ähmiýetini belledik;

4. Döwlet edaralarynyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Ilat gaznasy (UNFPA), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, ÝUNESKO ýaly ynsanperwer ugurly halkara düzümleri hem-de eneligi we çagalygy goldamak, çagalaryň toplumlaýyn ösüşi üçin şertleri döretmek, olaryň bilimdäki, döredijilikdäki we sportdaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, çagalara ählitaraplaýyn ýardamy bermek babatyndaky beýleki birnäçe guramalar bilen özara gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň derwaýysdygyny belledik;

5. Inklýuziw bilimiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen çagalaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady şertleri döretmek boýunça netijeli çözgütleri kabul etmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini aýratyn belledik;

6. Düzüminde çagalara aýratyn orun degişli bolan ilatyň durmuş taýdan has kömege mätäç toparlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak nukdaýnazaryndan halkara jemgyýetçiliginiň ýakyn özara gatnaşyklarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleriniň Ýer togalagynyň durmuşyna edýän täsirini peseltmegiň esasy faktorlarynyň biri bolup durýandygyny nygtadyk;

7. Howanyň ählumumy maýlamagy, suw serişdeleriniň azalmagy, çölleşmek, topragyň zaýalanmagy ýaly we beýleki birnäçe ekologiýa betbagtçylyklarynyň häzirki we geljekki nesilleriň meseleleridigini ykrar etdik. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň saglygynyň goralmagy, ekologiýa terbiýesi, olara zerur maddy we ahlak goldawynyň berilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilmelidigini nygtadyk;

8. Bu maslahatyň çaganyň ösüşine gönükdirilen başlangyçlar, çagalaryň ösüşi işinde peýdalanylýan strategiýalar, konsepsiýalar we innowasion çemeleşmeler barada habardarlygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredendigini, şeýle hem häzirki zaman jemgyýetinde çagalaryň bähbitlerini üpjün etmek babatynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berendigini kanagatlanma bilen belledik;

9. Halkara maslahatynyň ýokary derejede guralandygy we geçirilendigi, şeýle hem Arkadag şäherinde foruma gatnaşyjylara bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň halkyna, Hökümetine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna çuňňur hoşallyklarymyzy we minnetdarlygymyzy beýan etdik.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi