Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki goňşy döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz taryhy Samarkant şäherinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny belläp, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we meýilleşdirilen ähli çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi, görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Özbegistan Respublikasy biziň hakyky dostumyz we ýakyn goňşymyz bolup durýar. Bu ýurt bilen dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza Samarkanda gelmäge hem-de “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ýokary derejeli birinji duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şunda döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Ulag we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli möhüm meseleleri çözmek babatda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu sammitiň Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda has netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem soňky döwürde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara dialogy ösdürmäge uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary däp bolan türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy