Habarlar / Habarlar
Aprel aýynda Malaýziýada Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy geçiriler

Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025) geçiriler. Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, daşary ýurtlaryň geljegi uly maýadarlary bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak bu çäräniň esasy wezipeleri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda: energetika toplumynda, senagat önümçiliginde, ulag-logistika ulgamynda, oba hojalyk pudagynda we maglumat tehnologiýalaryň önümçiliginde geljegi uly taslamalary tanyşdyrmak meseleleri forumyň maksatnamasyna girizilendir. Gatnaşyjylar ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklary geçirmek we hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny baglaşmak mümkinçiligine eýe bolarlar.

Çäräni guraýjy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy türkmen kärhanalarynyň we daşary ýurtly işewür düzümleriň arasynda göni gepleşikler meýdançasyny döretmek bilen, bu foruma çuňňur taýýarlyk görýär. “TEIF 2025” halkara giňişlikde Türkmenistanyň eýeleýän ykdysady ornuny has-da berkitmäge we täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) soňky gezek 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilipdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy