Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Günorta Koreýanyň iri banklary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň wekiliýeti çarşenbe güni Seul şäherinde “Kookmin” bankynyň we Koreýanyň Eksport-import bankynyň ýolbaşçylary bilen özara duşuşyklary geçirdi. Olarda bank, lukmançylyk we senagat uguarlynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

“Kookmin” bankynyň başlygy bilen geçirilen gepleşiklerde türkmen tarapyna Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Döwrangeldi Sapbaýew wekilçilik etdiler.

Türkmen wekiliýeti iki ýurduň maliýe edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.

Türkmen wekiliýetiniň “Kookmin” bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 16-njy apreli, Seul, Koreýa Respublikasy (Surat: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy)

 

“Kookmin” bankynyň wekilleri hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny öwrenmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Arkadag şäherinde döredilýän medisina klasteriniň taslamalaryny durmuşa geçirmäge Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýanyň Eksport-import bankynyň baş edara binasynda bolup, bankyň prezidenti Ýun Hi-sin we maliýe edarasynyň düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda gaz, himiýa senagaty we saglygy goraýyş ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy Koreýa Respublikasynyň maliýe düzümleri blen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Günorta Koreýanyň “Korea Meditech Co., Ltd.” kompaniýasy Seul şäherinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy