Habarlar / Habarlar
Türkmenistan maýadarlara “Galkynyş” känini ösdürmäge gatnaşmagy teklip edýär BT 14:4923.04.2025

Türkmenistan iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyrlaryna gatnaşmak meselelerini öwrenmegi daşary ýurtly maýadarlara teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çarşenbe güni Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda mälim etdi.

Iri ýataklarda buraş işini ösdürmek, möçberi 5 milliard kub metr bolan gaz saklanylýan ýerasty ammarlary gurmak we iri senagat taslamalary durmuşa geçirmek üçin ЕРС şertnamalaryny baglaşmak maýa goýmak üçin açyk ugurlaryň hataryndadyr.

“Türkmengazyň” ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň energetika strategiýasy açyklyk, köpugurlylyk we tehnologiki ösüş ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem ýurduň degişli ulgamdaky hukuk binýadynyň maýa goýumlaryň goraglylygy we ähli gatnaşyjylar üçin uzakmöhletleýin kepilligi üpjün edýändigi bellenildi.

Tebigy gazyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orna we gury ýerde iň iri “Galkynyş” gaz känine eýelik edýän Türkmenistan energetika geçişde möhüm orun eýelemek üçin ähli zerur serişdeleri hödürleýär diýip, Maksat Babaýew aýtdy.

Ýanyndaky “Ýaşlar” we “Garakel” ýataklary bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň ägirt uly tebigy gaz gorlary 27 milliard trillion kub metr möçberde hasaplanylýar. Taslamanyň birinji tapgyry eýýäm durmuşa geçirildi. Onuň ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr gazy gaýtadan işlemäge deňdir.

Türkmen gazy Özbegistana, “swap” usuly arkaly Eýranyň üstünden Türkiýä iberilýär. Eksportyň geriminiň giňemegi diňe bir satuwyň çeýe häsiýete eýedigini däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasynda energetika merkezi hökmünde ýurduň geostrategik ähmiýetini nygtaýar diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy aýtdy.

“Tebigy gaz durnuklylylygyň, gülläp ösýän energetika pudagynyň binýady boldy we şeýle bolmagynda hem galar. Biz halkara bileleşigini bu ugruň möhüm bölegi bolmaga çagyrýarys” diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy sözüni jemledi.
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum 24-nji aprele çenli dowam eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy