Habarlar / Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Žoel Buzu Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli gutlap, Şazada Alber II-niň we Şagyzy Stefaniýanyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Şazada Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýä iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleriniňe esasynda ösdürilýän gatnaşyklaryň ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow we Žoel Buzu syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Žoel Buzu ýolbaşçylyk edýän guramasynyň sport ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen bedewiniň mili baýramy mynasybetli Aşgabatda guralan dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşygy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy