Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapdy. Agzalan Jemleýji resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Bu waka Arkadag şäherinde geçirilen halkara maslahatyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýdyň görkezip, Bitarap Türkmenistanyň çagalaryň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän syýasatynyň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Munuň özi forumyň dowamynda garalan meseleleriň örän wajypdygyna hem güwä geçýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibindäki degişli ugurlar-da “Parahatçylyk medeniýeti”; “Durmuş taýdan ösüş”; “Parahatçylyk döredijilik we parahatçylygy goramak”; “Çagalary goldamak we olaryň hukuklaryny goramak” mowzuklaryna bagyşlanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy