Habarlar / Habarlar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Seula göni ýolagçy gatnawlary ýola goýýar

“Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan Aşgabat we Seul şäherleriniň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryny ýola goýar. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Täze gatnaw Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň paýtagtlarynyň arasynda göni howa aragatnaşygyny üpjün etmek bilen, syýahatçylaryň mümkinçiliklerini giňelder.

Howa gatnawlaryny amala aşyrýan Türkmenistanyň milli düzümi bolan “Türkmenistan” awiakompaniýasy 1992-nji ýylda döredildi. Ol içerki, şol sanda halkara uçuşlary ýerine ýetirmek bilen, Ýewropa, Aziýa, GDA we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň iri şäherlerini türkmen paýtagty bilen özara baglanyşdyrýar.

Milli awiakompaniýanyň uçarlary esasan “Boeing” we “Airbus” kompaniýalarynyň döwrebap uçarlaryndan ybaratdyr. Şolaryň hatarynda ýük daşamalary üçin niýetlenen uçarlar hem bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy