Habarlar / Habarlar
Gazagystanyň “Satti” buraw düzümi Hazaryň türkmen böleginde işe başlar

“KMG Drilling & Services” kompaniýasyna (KMG DS) degişli, Gazagystanyň ilkinji göterijili, ýüzýän buraw düzümi Hazar deňziniň türkmen bölegindäki Çeleken ýatagynda işe giriziler. Häzirki wagtda bu düzümi işleriň geçiriljek ýerine eltilmezinden ozal, ony tehniki taýdan taýýarlamak işleri geçirilýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär. 

Burawlamak boýunça ofşor şertnamasyna 2024-nji ýylda “KMG DS” we “Dragon Oil Turkmenistan Limited” kompaniýalarynyň arasynda gol çekildi. 

“Satti” buraw düzümi çylşyrymly deňiz şertlerinde işlemek üçin öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan gaýtalanmajak gurluşy özünde jemleýär. 2021-nji ýylda döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilenden soň, bu düzümiň ýük göterijiligi 453-den 680 tonna çenli artdy. Ol 6 müň metre çenli çuňlukdaky guýulary gazmaga ukyplydyr. 

Çap edilen maglumatlara laýyklykda, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi nebit guýularyna hyzmatlary hödürlemek boýunça dünýä bazarynda Gazagystanyň eýeleýän ornuny berkider hem-de Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar. 

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda “KMG Drilling & Services” kompaniýasy Türkmenistandaky, hususan-da, Çeleken ýatagyndaky işlerini ilerletmek maksady bilen Aşgabatda şahamçasyny açdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy