Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we ÝB howpsuzlyk meselelerini hem-de sebit başlangyçlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow duşenbe güni ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa we “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar howpsuzlyk babatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar. Diňe bir serhetleriň howpsuzlygyny berkitmäge däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyň, şol sanda ykdysadyýetiň ösdürilmegine ýardam edýän “CADAP” we “BOMKA” ýaly sebit maksatnamalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Taraplar şeýle hem ÝB-niň “STRIVE Asia” sebit maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Howpsuzlyk, aýratyn möhüm desgalary goramak ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmaga we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary goldaýan “Merkezi Aziýada hukuk goraýyş işi” (LEICA 2020–2024) taslamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylda Lýuksemburgda kabul edilen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça Ýol kartasy, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 20-nji duşuşygynda kabul edilen Bilelikdäki beýannama, geçen aýda Samarkantda geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Jarnama ýaly bilelikdäki resminamalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy