Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pariž şäherinde “Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory Marten Buig bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. 

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň maýa goýum gurşawynyň özüneçekijiligini nygtap, geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda M.Buig kompaniýanyň Türkmenistandaky işlerini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 

Marten Buig şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüji ýolbaşçylygynyň möhüm taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny belledi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda infrastruktura we bilim başlangyçlaryň ösdürilmegine, şol sanda fransuz mekdebiniň gurluşygyna goşan goşandy üçin “Bouygues” kompaniýasyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda kompaniýanyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “InterContinental Paris – Le Grand” myhmanhanasynda geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy