Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Hormat garawuly Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli dabaraly ýörişe gatnaşar

Türkmenistanyň Hormat garawuly rotasy 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşar. Türkmen harbylarynyň Gyzyl meýdandan dabaraly ýöräp geçmegi asylly däbiň dowam etdirilýändiginiň nyşany bolar. Olar 2010-njy we 2020-nji ýyllarda Ýeňiş güni mynasybetli dabaraly ýörişde ýurda wekilçilik edipdiler diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda mälim etdi.
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirilýär. Aşgabatda we beýleki şäherlerde konsertler, mazmunlaýyn sergiler, kino görkezilişler we okuw sapaklary guralýar diýip, diplomat aýtdy.
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky “Baky Şöhrat” ýadygärligine gül goýmak dabarasy esasy çäreleriň biri bolar. Oňa her ýyl Türkmenistanyň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Weteranlara maddy kömekler berlip, sowgatlar we pul serişdeleri gowşurylýar.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly harby ýörişe hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy