Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary özara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň, sebit howpsuzlygynyň we Hazar deňzinde özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. 

R.Meredow we J.Baýramow Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy arabaglanyşygyna esaslanýan hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhümdigini bellediler. Ministrler döwletara dialogyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirdiler. 

Geçirilen söhbetdeşlikde döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki syýasy gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň we özara saparlaryň ähmiýetine aýratyn üns berildi. 

Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar, şol sanda halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar boýunça özara pikir alyşdylar. 

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy