Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda Ýeňşiň 80 ýyllygy baýram edildi

Türkmenistanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Türkmenistanda uruşda wepat bolan gahrymanlarynyň hatyrasy sarpalanyp, weteranlara çuňňur hoşallyk bildirilýär diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi anna güni habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarymyzyň örän uly goşant goşýandyklary barada aýdylýar.

Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen Türkmenistanyň ýüzden gowrak raýaty Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Müňlerçe türkmenistanlylar söweş ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň we belent adamkärçiligiň nusgasydyr.

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň Türkmenistan üçin ýene-de bir şanly sene bolan hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda baýram edilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy