Habarlar / Habarlar
“Türkmentelekom” işewürlere amatly “Çagyryş merkezi” hyzmatyny hödürleýär

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzümine girýän “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy ýuridiki şahslara “Çagyryş merkezi” (“Call center”) atly täze hyzmatyny hödürledi. Kiçi, orta we iri işewürler üçin niýetlenen bu hyzmat müşderiler bilen aragatnaşygy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.

Bu hyzmat bir wagtda şol bir belgä birnäçe giriş jaňlary kabul etmäge mümkinçilik berip, hatda ýokary ýygylykda hem bökdençsiz aragatnaşygy üpjün edýär. Bu müşderileriň köpsanlysy bilen zerur bolan durnukly aragatnaşygy ýola goýmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Hyzmata birikdirilmek şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu çözgüt esasy aragatnaşyk ugruna düşýän ýüki azaltmaga we müşderilere dessin hem-de amatly maglumatlary hödürlemek bilen berilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

“Çagyryş merkezine” awtomatik esasda sesli salamlaşyk, interaktiw sesli menýu (IVR), gerekli işgärlere jaňlary geçirmek we ähli söbetdeşlikleri ýazgy etmek ýaly mümkinçilikler girýär.

Goşmaça maglumaty 071 telefon belgisi arkaly ýa-da “Türkmentelekomyň” resmi web-saýtyndan alyp bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy