Habarlar / Habarlar
Aşgabatda 2025-nji ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler

2025-nji ýylyň 13 – 15-nji maýynda Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty (CACCC-2025) geçiriler. Ol howanyň üýtgemegine durnuklylygy berkitmek, uýgunlaşmak we täsirlerini azaltmak meseleleri boýunça gepleşikler üçin möhüm sebitleýin çärä öwrüler diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

 Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) Bütindünýä banky, Merkezi Aziýada suw we energetika boýunça Maksatnamasy (CAWEP), “RESILAND CA+” Maksatnamasy we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilelikde çäräni guraýjylar bolup çykyş edýärler.

 Habarda bellenilişi ýaly, maslahata sebit ýurtlarynyň ählisinden hökümetleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň we howa meseleleri boýunça bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Howa meselelerini çözmäge maliýe serişdelerini çekmek, sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek we howa wehimlerine durnuklylygy ýokarlandyrmak ýaly meseleler maslahatyň esasy mazmunyny emele getirer.

 “Merkezi Aziýada sebit we milli hereketler arkaly howa meselelerini maliýeleşdirmek boýunça ählumumy maksatlara ýetmek” “CACCC-2025” maslahatynyň esasy mowzugy bolar. Howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, çölleşme, buzluklaryň eremeginiň çaltlanmagy ýaly sebitiň ekologiýa we ykdysady durnuklylygyna uly täsir edýän möhüm meseleler maslahatyň gün tertibine giriziler.

 Özara ylalaşylan maksatnamalary işläp taýýarlamak, maliýe we syýasy goldawlary çekmek hem-de howa ýagdaýlaryna has durnukly geljege geçişde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýardam etmek üçin meýdançany döretmek maslahatyň esasy maksady bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy