Habarlar / Habarlar
Ermenistan ulag arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça Aşgabat ylalaşygyna goşular

Ermenistan Aşgabat ylalaşygy hökmünde hem tanalýan Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça ylalaşyga goşular. Degişli taslama ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan 8-nji maýda geçirilen mejlisde makullanyldy.

“Armenpress” neşiriniň habar bermegine görä, Ermenistanyň bu ylalaşyga goşulmagy Merkezi Aziýany Pars aýlagyndaky we Oman deňziniň kenaryndaky portlar bilen baglanyşdyrýan ulag geçelgesini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Degişli ylalaşyga goşulmaklyk ýükleriň we ýolagçylaryň daşalmagy üçin şertleriň gowulandyrylmagyna, ulag çykdajylarynyň azaldylmagyna we üstaşyr geçiriji ýurt hökmünde Ermenistanyň eýeleýän ornuny berkitmäge ýardam eder.

Şeýle hem degişli ylalaşyk gümrük amallaryny ýeňilleşdirer, halkara bazarlaryna çykalgany üpjün edip, ähli gatnaşýan taraplaryň ulag edaralary üçin deň şertleri döreder.

Aşgabat ylalaşygy – munuň özi Merkezi Aziýa we Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek maksady bilen Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Omanyň hökümetleriniň arasynda baglaşylan halkara ylalaşykdyr. 2016-njy ýylyň aprel aýynda güýje giren ylalaşygyň esasy maksady Ýewraziýa sebitiniň ýurtlarynyň özara arabaglanyşygyny ýokarlandyrmakdan, ulag geçelgesini Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesi ýaly beýleki möhüm ugurlar bilen ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy