Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekiliýetini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni düzüminde Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bolan ýokary derejeli wekiliýeti kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda dostluk, özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň strategik ähmiýete eýedigi bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we medeni gatnaşyklaryň oňyn ösüşini, ýokary derejeli saparlaryň netijesinde berkidilýän syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini bellediler.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, ADNOC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem BAE-niň maliýe we maýa goýum düzümleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda birnäçe taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Gepleşikleriň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow BAE bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady we wekiliýet agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem şol gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen gelen Malaýziýanyň “Petronas” nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy