Habarlar / Habarlar
Türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” halkara sergisi we maslahaty geçiriler

24-25-nji maýda türkmen paýtagtynda şäheriň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Giň gerimli çärelere taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bu çärelere türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de telekeçileri gatnaşarlar. Sergi türkmen paýtagtynyň häzirki zaman binagärlik keşbini, onuň ykdysadyýetde gazananlary we döwrebap tehnologiýa çözgütleri bilen tanyşdyrmak üçin amatly meýdança öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu duşuşyklar işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, tejribeleri alyşmaga we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge mümkinçilikleri döreder.

Baýramçylyk mynasybetli gurluşyk pudagynda tapawutlanyp zähmet çeken hünärmenleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçiriler. Döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreleriň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow serginiň we ugurdaş çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere taýýarlyk işlerini utgaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy