Habarlar / Habarlar
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän “Parahatçylyk sazy” festiwalyna gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwalyna gatnaşyjylary we myhmanlary gutlap, olara berk jan saglyk we döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň goldamagynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçýän festiwalyň ähmiýetini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtap, aýdym-sazyň halklary birleşdirýändigini, geçirilýän festiwallaryň bolsa halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny belledi. Çäräniň maksatnamasynda türkmen we daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda konsertleriň, döredijilik duşuşyklaryň we ussatlyk sapaklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti festiwalyň medeni gymmatlyklary ilerletmek we halklaryň arasynda dostlugy berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy