Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň wise-prezidenti täze bilelikdäki taslamalaryň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) wise-prezidenti, Prezidentiniň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Onuň barşynda täze bilelikdäki taslamalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda söwda dolanyşygynyň oňyn depgini, Emirlikleriň kompaniýalary bilen üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gepleşikleriň esasy mazmuny boldy.

Taraplar BAE-niň ADNOC we Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda energetika ulgamynda baglaşylan ylalaşyklara aýratyn üns çekdiler. Taraplaryň pikirlerine görä, bu ylalaşyk özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we BAE-niň halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy