Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we OPEK Gaznasy bäşýyllyk maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow we OPEK Gaznasynyň ýolbaşçysy doktor Abdulhamid Al-Halifa hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdiler. Taraplar bilelikdäki başlangyçlary utgaşdyrmaga gönükdirilen başýyllyk meýilnama – ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegini maslahatlaşdylar diýip, gaznanyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we OPEK Gaznasynyň arasynda gol çekilen resmileşdirilen hyzmatdaşlyk Maksatnamasy özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen ösüş babatda köpugurly maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen 1999-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän OPEK Gaznasy ulag, saglygy goraýyş, suw üpjünçilik we arassaçylyk desgalary ýaly ugurlardaky taslamalara maliýe serişdeleri hödürleýär.

OPEK guramasyna agza ýurtlar tarapyndan 1976-njy ýylda döredilen halkara ösüş üçin OPEK Gaznasy pes we orta girdejili döwletlere goldawlary berýär. Ştab-kwartirasy Wena şäherinde ýerleşýän gurama dünýäniň 125-den gowrak ýurdunda taslamalary maliýeleşdirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy