Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Türkmenistanyň bu başlangyjyny Hytaý Halk Respublikasynyň goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandyklary we ýokary derejedäki ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň dowamynda iki ýurduň Baştutanlarynyň duşuşygynda dürli ugurlarda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň netijelerine aýratyn ähmiýet berildi. Şunda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda parlamentler derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem geljekde «Merkezi Aziýa – Hytaý» parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de «Türkmenistan – Hytaý: zenanlar we ýaşlar» bilelikdäki forumyny geçirmegiň meselelerine seredildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Duşuşykda hytaý tarapy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

D.Gulmanowa saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letziniň 2025-nji- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmagyna umyt bildirýändigini belläp geçdi.

2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üçünji gezek ykrar edilmeginiň, şunuň bilen birlikde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy, ynamly gepleşikleri we parahatçylykly başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli garaýyşlarynyň ähmiýeti barada bellenildi.

Türkmen tarapy iki ýurduň halklaryny gadymyýetden gelýän Beýik Ýüpek ýoly arkaly taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam edýändigi nygtaldy.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary Şen Beili bilen duşuşdy. Sun Sinlin adyndaky gaznanyň işi bilen tanyşlygyň dowamynda hytaý tarapy Türkmenistandaky Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanda 10-njy sentýabrda pagta ýygymy başlanar...
Türkmenistanda 10-njy sentýabrda pagta ýygymy başlanar
Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek “Halal Expo 2025” sergisine gat...
Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşarlar
Gazagystanly maýadarlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine $16,1 million maýa go...
Gazagystanly maýadarlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine $16,1 million maýa goýdular
Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 9,9 esse artdy...
Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 9,9 esse artdy
Türkmenistan we Italiýa ýokary derejeli saparlara taýýarlyk meselelerini ma...
Türkmenistan we Italiýa ýokary derejeli saparlara taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaral...
Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy
Awaza — TIF 2025 Maýa Forumynyň geçiriljek meýdançasyna öwrüler...
Awaza — TIF 2025 Maýa Forumynyň geçiriljek meýdançasyna öwrüler
Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Si Szinpin bilen duşuşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Si Szinpin bilen duşuşdy
Türkmenistan ÝB – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy...
Türkmenistan ÝB – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy
Türkmenistan Hytaýy bilelikdäki ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça d...
Türkmenistan Hytaýy bilelikdäki ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy