Habarlar / Habarlar
“Türkmentelekom” Türkmenistanyň jemgyýetçilik ýerlerinde we şypahanalarynda Wi-Fi hyzmatyny hödürleýär

“Türkmentelekom” kompaniýasy simsiz internet ulgamlaryny ösdürmegi dowam etmek bilen, Aşgabadyň jemgyeýtçilik ýerlerinde, Halkara howa menzilinde we ýurduň iri şypahanalarynyň çäklerinde “TELECOMWIFI” ulgamyna amatly birikmek hyzmatyny üpjün edýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary belli şäher ýerlerinde şu nyrhlar boýunça internete birigip bilerler: 1 sagat – 5 manat, 3 sagat – 10 manat, bir gije-gündiz – 15 manat, hepdelik – 50 manat we aýlyk – 150 manat. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň üstaşyr geçiş zolagynda ýokary tizlikli internete birikmek hyzmatynyň gije-gündizlik bahasy 5 ABŞ dollaryna deň bolan ýörite nyrh meýilnamasy hereket edýär. 

Şeýle hem kompaniýa “Arçman”, “Baýramaly”, “Mollagara”, “Farap”, “Daşoguz” we “Bagabat” şypahanalarynda dynç alýanlar üçin amatly internet hyzmatyny hödürleýär. “TELECOMWIFI”-yň 10 günlük çäksiz internetine birikmegiň bahasy 30 manada deňdir. 

Nyrhlar we hyzmatyň hödürlenilýän ýerleri barada doly maglumaty kompaniýanyň telecom.tm/ru/wifi web-saýtynda ýerleşdirilendir. Ähli soraglar boýunça 071 belgili goldaw merkezine ýüz tutulyp bilner. 

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy ýuridiki şahslar üçin täze “Call Centre” hyzmatyny hödürledi. Müşderiler bilen aragatnaşygy gowulandyrmagy maksat edinýän bu hyzmat kiçi, orta we iri telekeçilige niýetlenendir. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy