Habarlar / Habarlar
AÖB Türkmenistanda durnukly energetikany we infrastrukturany goldamak işini giňeldýär

Aziýanyň öüş banky (AÖB) Arkadag şäherine goldaw hyzmatlaryny hödürlär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde bahasy $1 million bolan Gün energiýasyny saklamak boýunça taslamany durmuşa geçirmek hem-de durnukly energetika ulgamynda ýol kartasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu barada bankyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak 24-25-nji maýda Aşgabatda durnukly ösüşe we infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmaga bagyşlanyp geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara forumda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, A.Andrisýak AÖB-niň Türkmenistanyň çägindäki maýa goýum taslamalara işjeň gatnaşýandygyny belledi. Olaryň biri tamamlanyp, ýene ikisi durmuşa geçiriş tapgyryndadyr. Bankyň maksatnamasy döwlet maliýeleşdirişine, durnukly ösüş ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen maslahat beriş hyzmatlaryny we utgaşdyrylan çözgütleri ösdürmäge gönükdirilendir.

AÖB energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky taslamalara aýratyn ähmiýet berýär. Bank Türkmenistanda Gün energetikasy bilen bagly synag taslamalaryny ornaşdyrmagy goldamak boýunça uly tejribä eýedir.

Şeýle hem AÖB suw serişdelerini durnukly dolandyrmak işine işjeň gatnaşyp, suwy netijeli peýdalanmak we toplamak boýunça maksatnamalary goldaýar.

Bu başlangyçlar AÖB-niň ekologiýa taýdan arassa ösüşi goldamak we sebitde infrastrukturanyň durnuklylgyny berkitmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň möhüm bölegidir.

2025-nji ýylyň 17-nji maýynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy