Habarlar / Habarlar
Astrahan şäherinde «Suw ulagy ugrunda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda suw ulagy meseleleriniň häzirki zaman çözgütlerine we «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Konsuly Gadam Ilamanow, Astrahan oblastynyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Ilýa Wolinskiý, Astrahan oblastynyň Daşary gatnaşyklar ministriniň orunbasary Ilýa Toropitsyn we Hazarýaka döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda durnukly logistika infrastrukturasynyň emele gelmeginiň esasy baglanyşygy hökmünde çykyş edýän suw ulagynyň ornynyň ähmiýeti baradaky meselelere garaldy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Konsuly milli infrastrukturany halkara logistika zynjyrlaryna goşmagyň möhümdigini belledi, şeýle hem Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak we «Demirgazyk-Günorta» ýolunyň möhüm merkezine öwrülýän Türkmenbaşy deňiz porty ýaly esasy merkezleriň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Çäre halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädimleriň birine öwrüldi we Ýewraziýa giňişliginde täsirli, dowamly we özara peýdaly ulag ulgamyny döretmek baradaky umumy islegi görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy