Habarlar / Habarlar
Baku şäherinde “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi

2025-nji ýylyň 26-27-nji maýynda Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Azerbaýjanyň Hazar uniwersiteti bilen bilelikde, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň, Türkiýe, Yrak we Özbegistan türkmenlerinden wekiller hem-de alymlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler türkmenleriň gelip çykyşy barada durup geçip, iň gadymy türk halklaryndan biri bolan oguzlar barada söhbet etdiler we türkmenleriň ata-babalarynyň geçmişde uly döwletleri esaslandyrandyklaryny bellediler.

Taryhynyň kynçylykly döwürlerine garamazdan türkmenleriň hemişe parahatçylyk söýüjilikli, bitarap we dostlukly gatnaşyklaryň medeniýetini öňe sürendiklerini bellenildi. Häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik ýaly bu ýörelgeler Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynda öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem, bu simpoziumyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyryş dabarasynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu eseriň beýik şahyryň baý edebi mirasyny, dünýä medeniýetine goşan goşandyny we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini açyp görkezýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy