Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Mongoliýa hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 14 sany ylalaşyk baglaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen 14 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maksatlaryny beýan etdiler. Esasy netijeleriň biri hökmünde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bilelikdäki Beýannama we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar döretmek baradaky ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekiliş dabarasy, 2025-nji ýylyň 2-nji iýuny, Ulan-Bator, Mongoliýa (Surat: Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

 

2026–2028-nji ýyllar üçin söwda, ykdysadyýet we maýa goýum pudagyndaky orta möhletli hyzmatdaşlyk maksatnamasyna, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2026–2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi. Bilim, ylym, saglygy goraýyş, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda degişli ministrlikleriň, ylymlar akademiýalarynyň, uniwersitetleriň we muzeýleriň arasynda gol çekilen Ähtnamalar bar. Aşgabat bilen Ulan-Bator şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Milli habarlar agentlikleriniň we teleradio kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklar baglaşyldy.

Bu resminamalar ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge we dürli pudaklarda bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine itergi bermäge gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy