Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti mongol kärdeşini Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ulan-Batorda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen geçirilen resmi gepleşikleriň dowamynda mongol kärdeşini BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” şanyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga Aşgabat şäherine çagyryldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany mongol tarapyny şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli esasy ugurlary, halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldylar. Taraplar ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ekologiýa we azyk gün tertibi, energetika howpsuzlygy, özara ulag baglanyşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistan we Mongoliýa uzak geljegi göz öňünde tutup, gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi we berkitmegi berk maksat edinýändigini tassykladylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Mongoliýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Bator şäherinde Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy