Habarlar / Habarlar
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda geçirilen 75-nji umumy mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2026-2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrligi çarşenbe güni habar berdi.

ECOSOC Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň ykdysady we durmuş işini utgaşdyrmaga jogapkär esasy düzümleriň biri bolup durýar. ECOSOC durnukly ösüşiň üç ölçegini – ykdysady, durmuş we daşky gurşaw ölçeglerini ilerletmekde BMG-niň ulgamynda merkezi orny eýeleýär.

ECOSOC 54 döwletden düzülip, olar Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlete saýlanylýar. Her ýyl möhleti dolan ýurtlary çalyşmak maksady bilen sebitleýin toparlardan 18 ýurt saýlanylýar.

Türkmenistan öň 2013-2015 we 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin ECOSOC-yň agzalygyna saýlanylypdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy