Habarlar / Habarlar
Türkmenistan GDA ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Duşenbe şäherinde ýerleşýän “Kohi Somon” hökümet rezidensiýasynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy habar berýär.

Mejlisiň dowamynda türkmen wekili gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, duşuşygy ýokary derejede gurandygy üçin Täjigistanyň Hökümetine hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine minnetdarlyk bildirdi.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 5-nji iýuny, Duşenbe, Täjigistan (Surat: Türkmenistanyň Duşenbedäki Ilçihanasy)

 

Hojamyrat Geldimyradow GDA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini nygtap, özara hormat, goňşuçylyk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýşyny belledi.

Şol gün Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygy hem geçirildi. Duşuşykda söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem Arkalaşygyň çäklerinde özara ynamy güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy