Habarlar / Habarlar
Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglar gelip gowuşýar

Dünýä Liderleri , hökümet ýolbaşçylary şeýle hem birnäçe guramalaryň ýolbaşçylary Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed AL Nahaýýan, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow gutlag hatlaryny ýolladylar.

Şeýle hem Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammad Ýunus Al-Manfi, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj molla Mohammad Hassan Ahund, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministry Şeýh Mansur bin Zaýed AL Nahaýýan, Kuweýt Döwletiniň mirasdüşer şazadasy Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabah, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad al Tani, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gurban baýramy bilen gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlarynda türkmen Liderine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de durnukly ösüş arzuw edilýär.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda 2025-nji ýylyň 6-7-8-nji iýunda Gurban baýramy giňden bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy