Habarlar / Habarlar
Fransiýanyň senatory Samanta Kazebon sapar bilen Türkmenistana geler

Daşary ýurtlarda ýaşaýan fransuz raýatlaryna wekilçilik edýän Fransiýanyň senatory Samanta Kazebon 23–24-nji iýunda Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew bilen Fransiýa Respublikasynyň Senatynda çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda habar berildi.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi we Fransiýanyň senatorynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda fransuz diliniň öwredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu saparyň iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm ädim bolmagyna garaşylýar.

Fransiýanyň senatory Samanta Kazebon bilen Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuny (Surat: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy)

 

Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar 5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa resmi saparynyň dowamynda gol çekilen 2025–2026-njy ýyllarda umumy we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň ýerine ýetirilmegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. 

Fransiýanyň senatory Samanta Kazebon we türkmen ilçisi Maksat Çaryýew medeni hem-de bilim ugurlarynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy