Habarlar / Habarlar
Iýun: Astanada “Merkezi Aziýa–Hytaý” Liderleriniň ikinji sammiti geçiriler

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary we Hytaýyň Başlygy Si Szinpin 17-nji iýunda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ikinji sammite gatnaşarlar. Bu barada Gazagystan Prezidentiniň metbugat gullugynyň Telegram sahypasynda habar berildi.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça 16–17-nji iýunda resmi sapar bilen Gazagystana barmagy meýilleşdirilýär. Liderler Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn gepleşik geçirerler.

17-nji iýunda geçiriljek sebitleýin sammiti Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ýagny Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hem-de Hytaýyň Liderini bir ýere jemlär we onda sebitleýin hyzmatdaşlyk we ösüş meseleleri boýunça pikir alşarlar.

“Merkezi Aziýa — Hytaý” Liderleriniň ilkinji sammiti 2023-nji ýylyň 18–19-njy maýynda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň Siýan şäherinde geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy