Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Eýrandan gaýdan daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berdi

Ýakyn Gündogarda ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki wagtda Eýranda bolýan daşary ýurt diplomatlaryň, olaryň maşgala agzalarynyň we beýleki raýatlaryň üstaşyr geçmegi üçin öz çägini üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýekşenbe güni habar berdi.

Maglumata görä, häzirki güne çenli Türkmenistanyň döwlet serhedinde ýerleşýän barlag-geçiriş nokatlary arkaly takmynan 120 adam – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki birnäçe ýurtlaryň raýatlary geçdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistana gelen bu daşary ýurt raýatlary awtoulag, iýmit, myhmanhana otaglary hem-de ilkinji zerurlyk serişdeleri bilen üpjün edildi.

Ynsanperwerlik maksatly bu işi durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň döwlet edaralary daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.

Şeýlelikde, Türkmenistan ynsanperwerlik, halkara hyzmatdaşlyk we goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Bu bolsa, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy