Habarlar / Habarlar
“Aýdyň Gijeler” gün energiýasyndan işleýän ýol yşyklary bilen tanyşdyrdy

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisinde öndürip başlan gün energiýasy arkaly işleýän ýol yşyklary ilkinji gezek görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe gübi habar berdi.

Şeýle hem kärhana şähergurluşyk üçin zerur bolan kabelleri, yşyklandyryjylary, ýol germewleri bilen tanyşdyrdy.

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda 2025–2030-njy ýyllary öz içine alýan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn şertnama gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen gazanan bu ylalaşyklary ýurdumyzda milli elektron senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek maksadynda täze, döwrebap belent sepgitleriň nazarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň gatnaşmagynda 2016-njy ýylda döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti elektrotehnikalary we elektron harytlary ýurtda ilkinji bolup öndürip başlan kärhanalaryň biridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy