Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler.

“Sinhua” agentliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda Hytaýyň Lideri Pekiniň Türkmenistana bolan hyzmatdaşlygyny özara hormat goýmak esasynda has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi. Ol gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, energiýa däl ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn söwda ulgamynyň gurluşyny kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Şeýle hem Si Szinpin Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy babatda Hytaýyň goldawyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşmak üçin Astanada iş saparynda bolýar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy