Habarlar / Habarlar
Astrahan kompaniýalary Türkmenistanyň bazaryna çykmaga gyzyklanma bildirýärler

Astrahan sebitiniň wekiliýeti türkmen tarapyna ýurduň bazaryna çykmaga gyzyklanma bildirýän sebit kompaniýalarynyň sanawyny gowşurdy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri penşenbe güni Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Russiýa-Türkmenistan hökümetara toparynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu çäre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň we  Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen Russiýanyň Hökümetiniň başlygy Marat Husnulliniň gatnaşmagynda geçiriledi. Bu barada Astrahanyň “A24” telekanaly habar berýär.

Taraplar özara haryt dolanyşygyny artdyrylmak we bilelikdäki taslamalary ösdürmek mümkinçiliklerine garadylar. 2024-nji ýylyň netijelerine görä, Astrahan sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 15 göterim ýokarlandy. Russiýadan iberilýän esasy harytlar azyk önümleri we däne bolup durýar, Türkmenistandan bolsa esasan dokma önümleri eksport edilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar ulag pudagyna aýratyn üns berdiler. Gubernator Babuşkin Astrahan sebitindäki portlar bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli deňiz gatnawlaryny ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş etdi. Şeýle hem ol sebitde Türkmenistanyň logistiki merkezini ýerleşdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.

Sebitiň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Astrahan şäheriniň infrastrukturasynyň ähli görnüşli ýüklere we konteýnerli ýüklere, şol sanda islendik görnüşdäki gämilere hyzmat etmek mümkinçilikleri bar. Bu ýagdaý sebitiň türkmen harytlarynyň Russiýa daşalmagy we russiýa harytlarynyň Türkmenistana iberilmegi boýunça esasy merkez hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik döredýär.

Ozal Russiýanyň kompaniýalary Astrahan bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda göni howa gatnawyny açmaga gyzyklanma bildirdiler.  

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy