Habarlar / Habarlar
Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda geçirilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň anna güni habar bermegine görä, Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni bilen geçirilen duşuşykda Owganystandaky ýagdaýlar bilen baglylykda sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan çemeleşmesini beýan etdi. Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy we durnukly ösüşi dikeltmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändigi, şol sanda ynsanperwer kömegini hem-de parahatçylyk başlangyçlaryna goldaw berýändigi nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistan–Owganystan demir ýolunyň gurluşygy hem-de täze energetika we ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Ýewropa Adalatçysynyň Kabinetiniň ýolbaşçysy Lambros Papadiasyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 17-nji iýuny (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

 

Mundan başga-da, mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Ýewropa Adalatçysynyň Kabinetiniň ýolbaşçysy Lambros Papadiasyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler hem-de iki institutlaryň arasyndaky hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, ýygy-ýygydan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga we amaly çäreleri geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi