Habarlar / Habarlar
Szinhua şäherinden ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan üstaşar geçer

Hytaýyň Çžeszýan welaýatynyň Szinhua şäherinden ugran ilkinji ýük otlusy çarşenbe güni Türkmenistanyň Türkmenbaşy portuna tarap ýola düşdi. Bu waka Transhazar halkara ulag geçelgesiniň täze böleginiň resmi taýdan açylandygyny alamatlandyrýar.

“Sinhua” agentliginiň habar bermegine görä, bu ugur Hytaý harytlaryny Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Ýewropa eltmek ulgamynda möhüm baglanyşyk bolup hyzmat eder.

Egin-eşik, aksesuarlar, metal bölekleri we beýleki önümleri öz içine alýan 100 sany standart konteýnerden ybarat bolan otly Gazagystan bilen serhetleşýän Horgos geçelgesinden geçer. Soňra ol Almaty, Daşkent we Aşgabat şäherleriniň üsti bilen Türkmenistanyň çäginde ýoluny dowam etdirer. Türkmenbaşy şäherinden harytlar Hazar deňzi arkaly Azerbaýjanyň Baku portuna daşalar.

Bu ugur Gazagystanyň Aktau portunyň üsti bilen bar bolan ugry ýeňilleşdirmäge we Hytaýyň harytlarynyň Merkezi Aziýa hem-de Merkezi we Gündogar Ýewropa iberilmegini tizleşdirmäge gönükdirilendir.

Bu “Hytaý–Ýewropa” başlangyjynyň çäginde Çžeszýan welaýatyndan çäginde işe girizilen halkara demir ýol ugurlarynyň 26-njysy bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy