Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, agentligiň 2025 — 2029-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmegi teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň 1960-njy ýylda güýje giren Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Ylalaşyga goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.

Raşid Meredow şu ýylyň 15 — 19-njy sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçiriljek Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmegi hem teklip etdi. Şunuň bilen bir hatarda, agzalan mejlisiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän suw serişdelerini dolandyrmakda atom ylmyny ulanmaga bagyşlanan foruma guramanyň Baş direktorynyň adyndan aýratyn çakylyk hatynyň gelip gowşandygy bellenildi.

Mundan başga-da, mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna şu ýylyň 10 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde MAGATE bilen bilelikde ýadro we beýleki radioaktiw materiallar üçin howpsuzlyk kadalary boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda onkologik keselleri bejermek boýunça bilelikdäki hereketlere syn boýunça maksatnamany (ImPACT) durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 8 — 13-nji sentýabry aralygynda guramanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edildi. Bu syny Atom energiýasy boýunça halkara agentlik, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Onkologiýa barlaglary boýunça halkara agentlik bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministrine Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy