Habarlar / Habarlar
Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 22-nji iýunda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landau bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlik amerikan tarapynyň başlangyjy bilen gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we medeni ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň oňyn we durnukly häsiýetini bellediler.

Taraplar sebitleýin we halkara derejedäki möhüm meseleleri, şol sanda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, ynsanperwer meselelerine we diplomatik kömek arkaly ýagdaýy kadalaşdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurduň üç gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň tassyk edilendigini nygtap, ýurduň halkara meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge ygrarlydygyny aýtdy. Türkmenistan häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaýy çözmekde diplomatik serişdeleriň we usullaryň iň giň mümkinçiliklerini ulanyp gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşlik ynanyşma we konstruktiw ýagdaýda geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy