Habarlar / Habarlar
Türkmen kärendeçileri Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar

Türkmenistanyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bu barda Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurduň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan hasylyň mukdary yzygiderli artýar.

Şeýle hem Türkmenistanda daýhanlaryň bol hasyl ýetişdirmekleri, ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, daýhanlaryň mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi kärendeçileri zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Orak möwsüminde işleriň gije-gündizleýin alnyp barylmagy netijesinde her günde kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär diýip, habarda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy