Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Pakistanyň portlarynyň arasynda Ähtnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleriniň arasynda 2025-nji ýylyň 17-njy iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Gwadar portunyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada Türkmenbaşy halkara deňiz porty penşenbe güni habar berdi.

Gepleşigiň barşynda Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleri özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, mundan beýläk hem dostlukly-doganlykly gatnaşyklary dowam etmek bilen bir hatarda porty dolandyrmak we işletmek babatda tejribelerini paýlaşdylar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri hem öz gezeginde alnyp barylýan işler barada gürrüň berip, ýükleme-düşürme işleriniň alnyp barylyşy, dürli ýükleriň import, eksport we üstaşyr ugurlary, müşderiler üçin döredilýän oňaýly şertler we portyň halkara ülňülerine laýyk gelýän mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar paýlaşan ikitaraplaýyn bähbitli tejribeleri üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle duşuşyklaryň ýene-de gurnalyp durmaklygyna isleg bildirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy