Habarlar / Habarlar
Sergeý Lawrow: Russiýa Türkmenistanyň bitaraplygyna uly hormat goýýar

Daşary ýurtlar bilen özara gatnaşyklarynda hemişelik bitaraplyk derejesine daýanýan Türkmenistan, halkara prosesleriniň paýhasly we oýlanyşykly gatnaşyjysy hökmünde Russiýada hormat we ykrar gazandy. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 25-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň diplomatlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşy “Ýyldyz” myhmanhanasynda gurnaldy. Sergeý Lawrow häzirki zaman dünýä ýagdaýlary barada öz garaýyşlaryny paýlaşyp, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça tiz we netijeli ösýändigini nygtady.

Ministr Türkmenistanyň halkara syýasatyndaky ornuna ýokary baha berip, ýurduň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek bir agyzdan bitaraplyk derejesi ykrar edilen ýeke-täk döwletdigini aýtdy. Şeýle hem ol 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjy ýaly teklipleriň öňe sürülmeginde Aşgabadyň goşandyny belledi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Sergeý Lawrow Türkmenistan özüniň bitaraplyk derejesine esaslanyp, dürli gepleşikler üçin meýdança bolup biljekdigini aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda Russiýanyň daşary işler ministri Eýrandaky dartgynly ýagdaý bilen baglylykda rus raýatlarynyň tiz çykarylmagy üçin zerur kömek we guramaçylyk işleri üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy