Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Brýusselde BGG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Maksat Hudaýkulyýew Brýussel şäherinde geçirilýän Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) 145-nji we 146-njy mejlisleriniň çäklerinde BGG-niň Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Maksat Hudaýkulyýew Türkmenistanyň BGG bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge ygrarlydygyny tassyklap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde toplanan oňyn tejribäni belledi. Şeýle hem ol ýurdyň gurama tarapyndan dowam edýän we geljegi uly taslamalaryna gatnaşmaga, esasan hem töwekgelçiligi dolandyrmak we hünärmenleri taýýarlamak ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Gümrük okuw merkezine aýratyn üns berildi. BGG agza döwletleriň ses bermegi netijesinde bu merkez Sebitleýin okuw merkezi derejesine eýe boldy. Maksat Hudaýkulyýew bu başlangyja goldaw beren guramanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, okuw sapaklaryny, ugurdaş seminarlary we bilermen maksatnamalary geçirmegi dowam etdirmekde hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady.

Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sonders we Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow, 2025-nji ýylyň 26-njy iýuny (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

 

Duşuşygyň dowamynda türkmen ilçisi Sapar Palwanow Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň adyndan BGG-niň Baş sekretary Ýan Sonderse resmi çakylyklary gowşurdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ýan Sonderse 2025-nji ýylyň awgustynda Aşgabatda geçiriljek Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meselelerine bagyşlanan BMG-nyň Üçünji Konferensiýasyna gatnaşmaga çakylyk iberildi. Şeýle hem oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara dialoga gatnaşmak üçin çakylyk gowşuryldy.

BGG-niň Baş sekretary çakylyklar üçin minnetdarlyk bildirip, awgustdaky konferensiýa şahsy gatnaşmak niýetini tassyklady. Ol Türkmenistanyň BGG-niň doly hukukly we konstruktiw agzasy hökmünde işjeň ornuna ýokary baha berdi hem-de milli gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça edilýän tagallalara minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy